Türkmenabatda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy
Şu gün Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze kärhana şäherdäki 2-nji senagat zolagynda ýerleşýär.
6 gektar meýdany eýeleýän kärhanada önümçilik binasy, önümçilik binasynyň çäginde Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň tehnologiýalary oturdylan 2 bölümden ybarat – bakteriologiýa we mikrobiologiýa barlaghanasy, 2 gatdan ybarat edara binasy, çig önüm saklanylýan ammar, tehniki hyzmat ediş-abatlaýyş ussahanasy, bug gazanlary, suw howdany, 40 orunlyk naharhana, sport meýdançasy bar.
Kärhana bir ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan köküni iişlemäge we 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply. Kärhana Ýöriteleşdirilen “Kamaz” kysymly awtoulaglar 2 sany, işgärler üçin ýolagçy awtobusy, “Pikap” kysymly awtoulag, kärhananyň çäginde ýük daşaýan we ýükleýän tehnikalar bilen hem üpjün edildi.