BIZE YAZYARLAR

Türkmenabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

20-nji iýunda Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zalynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Welaýat neşirinde berlen bildirişde hem görkezilişi ýaly, çärä şol gün sagat 10:00-da badalga berler we ol 12:00-da tamamlanar.

Şeýle hem bölüm bu bildiriş arkaly kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belsi: (800422) 3-17-28.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: