YKDYSADYÝET

Türkmenabatda bir aýda 10 tonna çig ýüpek öndürildi

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde şu ýylyň ilkinji aýynda 10 tonna çig ýüpek, 1 million 114 müň inedördül metr nah hem-de 8 müň inedördül metr ýüpek matalar öndürildi.
Degişlilikde, çig ýüpek taýýarlamak boýunça meýilnama 147,1 göterim, nah mata dokamak boýunça meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi. Netijede kärhanada jemi 11 million 293 müň 880 manatlyk iş ýerine ýetirildi. Işleri barha öňe ilerleýän önümçilikde nepisligi we owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan ýüpek halylaryň dokalýandygy aýratyn bellärliklidir.