BILIM

Türkmenabatda bilim işgärleri sylaglanyldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi öňdebaryjy bilim işgärlerini sylaglady.
Bu dabara Türkmenabat şäheriniň 40-njy orta mekdebinde geçirilen «Bilim ― kämilligiň binýady» atly maslahatyň çäginde guraldy.
Onuň çäklerinde bilim  edaralarynyň 2024/2025-nji okuw ýylyň I ýarym ýylynyň jemi boýunça  öňdebaryjy  bilim işgärlerine Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary hem-de  Ylym we bilim işgärleriniň KA-ň  Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşi tarapyndan  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.