Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi
Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama tetarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.
Dostluk konsertine gatnaşmak üçin goňşy döwletden köp sanly meşhur ýerine
ýetirijiler we «Makom» we «Nawruz» aýdym-saz hem-de tans toparlary, ýurduň Milli akademiki, döwlet drama döwlet-sazly, Samarkant welaýatynyň sazly-drama teatrlarynyň sahna ussatlary Türkmenabat şäherine gelipdiler. Olar bilen bilelikde gündogar sebitiň sungat ussatlary, Lebap welaýat medeniýet merkeziniň «Lebap», «Amul» we Saýat etrap medeniýet merkeziniň «Çapak» tans toparlary konserte gatnaşyjylara hezil berdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-saz eserlerinde döwürleriň sazlaşygynyň emele getirilmegi bolsa konserte gatnaşyjylaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Türkmenistanly sungat ussatlarynyň özbek, myhmanlaryň bolsa türkmen aýdymlaryny ýerine ýetirmegi ýürekleriň we sungatyň bir hörpden gopýandygyny ýene bir ýola tassyklady.
Konsertiň jemleýji böleginde bolsa oňa gatnaşyjy tans toparlary «Küştdepdi»
tansymyz bilen bilelikde özbek halkyna mahsus «Läzgi» tansyny bilelikde ýerine
ýetirdiler.