JEMGYÝET

Türkmenabatda baýramçylyk bäsleşik-sergisi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebiniň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmeniň behişdi bedewleri» atly bäsleşik-sergisi geçirildi.

 Ahalteke bedewlerini wasp edýän ajaýyp suratlar sergä gözellik paýlady.   Birleşmäniň halypa suratkeşleriniň hem-de sungat ojagynyň nakgaşçylyk hünäriniň mugallymlarydyr talyplarynyň ahalteke bedewlerini wasp edip çeken suratlary bu ýere ýygnananlara üýtgeşik täsirleri bagyşlady.

 Bäsleşigiň netijeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek dabaranyň çäklerinde yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: