BILIM

Türkmenabatda baş baýrama bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – Berkararlygyň, Galkynyşyň we Rowaçlygyň sarsmaz binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň işi umumy mejlisde we 6 sany bölümçede alnyp baryldy. Maslahatda Garaşsyzlygyň milli demokratik esaslary, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen türkmeniň milli aňyýeti we millilik, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler, bilim we terbiýe bermegiň häzirkizaman usullary, şeýle-de ylmyň aýry-aýry ugurlary boýunça ylmy
çykyşlar diňlenildi.