Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynda 49 million 893 müň 22 manatlyk iş edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 2
million 927 müň 940 manatlyk köpdür. Has takygy, geçen bäş aýda kärhana boýunça bugdaýy gaýtadan işlemegiň netijesinde unuň 19 müň 831 tonnasy öndürilip, 101 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonuň 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa birinji hilli undur.
Şeýle-de bu döwürde kepegiň 6 müň 18 tonnasy, manny ýarmasynyň hem 55 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda täze galla hasylyny kabul etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Türkmenabatda bäş aýda 20 müň tonna golaý un öndürildi
02
Jul

