MEDENIÝET

Türkmenabatda bagşy Mustak Aýmedowyň ýubileý dabarasy geçirildi

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň, iri jemgyýetçilik
guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Mustak Aýmedowyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Halypanyň ýoly — şägirtlere ýörelge» atly
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa bilim, medeniýet işgärleri, bagşy-sazandalar, talyp ýaşlar,
halypa bagşynyň obadaşlary, şägirtleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Mustak Aýmedowyň ömür we döredijilik ýoly, onuň bagşyçylyk sungatynyň ösmegine goşan goşandy, ýetişdiren şägirtleri dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Ussat halypanyň ýoly bu günki ýaş bagşy-sazandalar üçin nusgalykdyr diýlip, çykyşlarda nygtaldy.
Dabara meşhur bagşy-sazandalaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Konsertde şägirtleriniň ýerine ýetirmeklerinde halypa bagşynyň aýdan aýdymlarynyň hem ýaňlanmagy örän täsirli
boldy.