Türkmenabatda aýdymçy Gülälek Şirowanyň ýekelikdäki konserti bolar
Ertir ― 9-njy martda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda aýdymçy Gülälek Şirowanyň ýekelikdäki konserti geçiriler. Bu barada teatryň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaplary arkaly habar berdi.
Şu gün bu ýerde diňe erkek sahna ussatlarynyň gatnaşmagyndaky gülküli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Tatryň zenanlara baýramçylyk sowgatlary ertir meşhur zenan aýdymçynyň ýekelikdäki konserti bilen dowam eder.
Gülälek Şirowa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisidir.