SPORT WE SYÝAHAT

 Türkmenabatda at çapyşygy geçirildi

 Ýekşenbe güni Lebabyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň altysy guraldy.

 Birinji çapyşykda üç ýaşar atlar 1200 metr aralykda bäsleşdiler. Pellehana birinji bolup Muhammet Suhanberdiýewiň hojalygyna degişli bolan Keýmirçi diýen gara at gelmegi başardy.

 Ýene-de üç ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşykda Aýbike atly dor gysrak öňe saýlanyp, bu çapyşygyň ýeňijisi boldy.

 Üçünji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralykda geçirildi. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli bolan Göwenek atly gara at pellehana ilkinji bolup geldi.

 Dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşdyrylmagynda 1800 metr aralykda geçirilen dördünji çapyşykda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli bolan Köýmen ýeňiji boldy.

 Bäşinji çapyşyk hem dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralykda guraldy. Bu çapyşykda Kerwen Amankulyýewiň hojalygyna degişli bolan Ýyldyrym atly gyr at ýaryşyň ýeňijisi boldy.

 Şu tapgyryň jemleýji, altynjy çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar 1800 metr aralykda bäsleşdiler. Bu çapyşykda welaýat häkimliginiň Gyrat atly bedewi ýeňiji boldy.

 Çapyşyklarda ýeňiş gazanan bedewleriň arkalaryna serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: