JEMGYÝET

Türkmenabatda Amul galasy bilen bagly halkara maslahat öz işine başlady

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 25-26-njy aprel günlerinde Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär.

Şu gün bu maslahata gatnaşyjylar ir bilen Türkmenabat şäherine gelip, Amul galasy bilen tanyşdylar. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleri hem-de daşary ýurtly alymlar bar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan alymlaryň uly topary Türkmenstana geldi.

Amul galasy bilen tanyşlygyň barşynda olar bu ýerde dürli ýyllarda alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri hem-de olaryň netijeleri bilen gyzyklandylar. Alymlaryň arasynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda gadymy Amulda gazuw-agtaryş işlerini alyp baran russiýaly alym Albert Burhanowyň hem bolmagy has ýakymly boldy. Ol dünýä döwletlerinden gelen myhmanlara gadymy Amul barada gyzykly maglumatlary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: