SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda akrobatika býounça täze ugurlar döredildi

Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň akrobatika görnüşi boýunça täze ugur döredildi. Häzirki wagtda bu görnüş boýunça türgenleşik toparyna kabul edişlik dowam edýär.

Häzirki günlerde bu mekdepde oglan-gyzlaryň 580-den gowragy gimnastika, welosiped sporty, adaty karate, taekwando, dzýudo bilen meşgullanýar. Olara ussat tälimçiler sportuň inçe syrlaryny öwredýärler. Netijede, mekdebiň türgenleri welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Sportuň ýene bir görnüşi boýunça türgenleşigiň geçirilip başlanmagy bilen, akrobatika boýunça ökde oglanlary we gyzlary saýlap almaga hem-de dürli ýaryşlara gatnaşdyrmaga mümkinçilik açylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: