Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we
AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda ähli bejeriş-öňüni alyş
edaralarynyň AIW ýokanjynyň öňüni almak boýunça jogapkär hünärmenleriniň
gatnaşmaklarynda amaly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda AIW ýokanjynyň öňüni alyş çäreleri ýokary derejede alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň we hünärmenleriň arasynda AIW ýokanjynyň meseleleri barada sowal-jogap alşyldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, sanitariýa-epidemiologiýa düzgünlerini berjaý etmek, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda zyýansyzlandyryş çärelerini kämilleşdirmek, sagaldyş-barlag gözegçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky gürrüňler maslahatyň özenini düzdi.
Türkmenabatda AIW-iň öňüni almaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

14
Nov