Türkmenabat şäherinde 2026-njy ýylyň 5-nji maýynda sagat 23:00-dan 6-njy maýda sagat 18:00-a çenli agyz suwunyň berlişi wagtlaýynça togtadylar. Bu barada «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşigine degişli ulgamlarda möwsümleýin bejeriş, abatlaýyş we öňüni alyş çäreleriniň geçirilýändigi sebäpli ilata habar berildi.
Degişli bildirişde şäher ilatyndan görkezilen wagt aralygynda ýüze çykyp biljek oňaýsyzlyklara öňünden taýýarlykly bolmak, agyz suwuny zerur möçberde ätiýaçdan toplap goýmak haýyş edilýär. Möwsümleýin işler tamamlanandan soň, agyz suwunyň berlişiniň adaty tertipde ýola goýulmagyna garaşylýar.
Türkmenabatda agyz suwunyň berlişi bir günlük togtadylar
30
Apr

