JEMGYÝET

Türkmenabatda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebinde welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleri tarapyndan welaýatdaky käbir iri edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek boýunça döredilen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle-de görnüşine garamazdan, ähli zawod-fabriklerde zähmet çekýän adamlaryň saglygy üçin oňaýly ýagdaýy döretmekleriniň, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak we ejir çekene ilkinji kömek bermek kadalaryny bilmekligiň zerurdygy dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan gollanmalar paýlanyldy.