JEMGYÝET

Türkmenabatda adatdan daşary ýagdaýlar bilen bagly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «Adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg-halas ediş işlerini alyp barmak we ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça meýletinçileriň işini guramak we gerimini giňeltmek» atly okuw maslahatyny geçirdi.

Oňa welaýatyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenabat şäheriniň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleriniň çykyşlaryny diňlediler.

Wekiller, öz gezeginde, ýurtda raýat goranyşy boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, adatdan daşary ýagdaýlarda ýüze çykýan hadysalar, özüňi we daş-töweregiňdäki adamlary howpdan goramagyň we ilkinji kömegi bermegiň kadalary barada täsirli söhbet etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: