YKDYSADYÝET

Türkmenabatda adalat edaralarynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy açyldy

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde ýene 24 maşgala täze jaýlaryň açarlaryny alyp, bu baýramy täze öýde garşylamak bagtyna eýe boldy. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärleridir.

Täze ýylyň ilkinji baýramy mynasybetli şu ýyl gündogar sebitiň merkezi şäherinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň uly topary üçin jaý toýlary tutular. Şol toýlaryň başy adalat edaralarynyň işgärleriniň jaý toýy bilen başlandy. Dört gatly, öýleriniň her biri üç we dört otagdan ybarat ýaşaýyş jaýy şäheriň soňky ýyllarda iň çalt özgerýän we gülleýän Zelili köçesiniň ugrunda açylyp, ulanylmaga berildi.

Jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen çyragy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Baş inžener Bahadur Rahmedowyň gürrüň berşi ýaly, bu bina şu hususy kärhana ynanylan ilkinji ýaşaýyş jaýydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: