MEDENIÝET

Türkmenabatda açyk asmanyň astynda hoşallyk dabarasy geçirildi

31-nji ýanwarda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança toý lybasyna beslendi. Bu ýerde welaýat häkimliginiň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada lebaply meşhur sungat ussatlary täze döreden aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. Belentden ýaňlanan şirin mukamlar kalplara şatlyk nuruny çaýdy. Welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary bolsa türkmeniň şöhratly geçmişini we bu günki ýeten ajaýyp durmuşyny wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: