JEMGYÝET

Türkmenabatda 72 maşgala niýetlenen üç sany ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de üçüsi açylyp ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralary şäheriň ýaşaýjylary üçin hakyky toý şatlygyna beslendi.

Şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 24 öýden ybarat. «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy täze jaýlaryň baş potratçysy boldy. «Rowaçly pursat» we «Höwesli ugur» hususy kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri gurluşyk işlerinde bu kärhana ýakyndan ýardam berdiler.

72 maşgalany arzuwyna gowşuran täze jaýlaryň açylyş dabaralaryna şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary agzybirlik bilen gatnaşdylar. Jaýlaryň üçüsiniň-de açylyş dabaralarynyň Halkara zenanlar güni bilen utgaşmagy goşa baýram boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda hem şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda täze jaýlaryň üçüsi açylyp, olara harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň 172-siniň maşgalalary göçüp barypdylar. Indi bu köçäniň ugrunda täze açylan jaýlaryň sany 6-a ýetdi.

Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň hem birnäçesine täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Şeýle dabaralar Türkmenabat şäherinde we Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: