YKDYSADYÝET

Türkmenabatda 24,3 million manatlyk tikin önümleri taýýarlanyldy

Türkmenabadyň tikin fabriginiň işçileri 2014-nji ýyly ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Olar ýylyň geçen alty aýynda meýilleşdirilen 23 million 600 müň manatlygyň ýerine 24 million 397 müň 71 manatlyk önüm öndürdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Fabrikde ilatyň islegini öwrenmek arkaly zerur bolan tikin önümleri hem öndürilýär.

Şoňa laýyklykda çaga eşikleriniň we ýörite iş geýimleriniň hem uly toplumy taýýarlanylyp, söwda nokatlary arkaly ilata hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: