YKDYSADYÝET

Türkmenabatda 14,5 müň tonna un öndürildi

2025-nji ýylyň dört aýynyň jemi boýunça Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda 48 million 445 müň manatlyk önüm öndürilip, ýokary netijeler gazanyldy.
Önümçiligiň ösüş depgini 123,9 göterime deň boldy. Degişli döwürde kärhanada 14 müň 503 tonna un öndürilip, şonuň 4 müň 809 tonnasy ýokary, 9 müň 694 tonnasy hem birinji hilli unlardyr. Şeýle-de ýylyň başyndan bäri bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 38 tonnasy, kepegiň 4 müň 411 tonnasy öndürildi.