JEMGYÝET

Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi

Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň degişli gözegçilikleri tarapyndan harby ulaglaryň welaýatyň çägindäki gatnawlaryny has düzgünleşdirmek we biraýlygy ýokary derejede geçirmek üçin ýörite meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Harby gözegçiler biraýlygyň çäginde PÝGB-niň ýerlerdäki bölümçeleri bilen sazlaşykly işläp, ýollaryň mundan beýläk hem asuda bolmagyny gazanýarlar.

 Ýakynda podpolkownik S.Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Kerki garnizonynyň, welaýat harby prokuraturasynyň, PÝGB-niň Kerki etrap bölümçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň şahamçasynyň, raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň Kerki şäher halas ediş toparynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde “Ýollarymyz asuda bolsun!” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Biraýlygyň çäklerinde Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň harby gullukçylarynyň arasynda biraýly bagyşlanan çäreleriň birnäçesi, şol sanda, bäsleşikler, maslahatlar geçirilýär.