YKDYSADYÝET

Türkmenabat tikin fabriginde geçen ýylyň meýilnamasy 147,2 göterim ýerine ýetirildi

Türkmenabat tikin fabriginde 2022-nji ýylda 35 million 518 manatlykdan gowragyň deregine 52 million 287 müň manatlyga ýakyn önüm öndürdiler we sarp edijilere ugratdylar. Netijede ýyllyk meýilnama 147,2 göterim berjaý edildi. Bu ondan öňki ýyldaky görkezijiden hem ýokarydyr.

Häzirki döwürde fabrikde önümleriň 200-den gowrak görnüşi çykarylýar. Bu ýerde çagalar we ulular üçin, ýörite iş geýimleri, sport eşikleri, mekdep okuwçylary üçin ýantorbalar, pamykly ýorganlar, düşekler, ýassyklar we olaryň daşlyklary öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: