JEMGYÝET

Türkmenabat Täze ýyl öwüşginleri bilen bezeldi

Türkmenabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramyny her ýyl üýtgeşik mähir we şadyýanlyk bilen garşylaýarlar.
Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelleşen keşbi, aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri, owadan ýollary hem-de döwrebap seýilgähleri Täze ýyl baýramyna has-da gelşik berýär. Iň esasysy bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi dessine gözüňe ilýär. Baýramçylyk golaýlaşdygysaýyn özgerişlikler has-da ýakymly görünýär.
Eýýäm toý lybasyny geýen göze gelüwli binalar hem şäheriň gözel keşbini
baýlaşdyryp, ildeşlerimiziň ruhubelentligi bilen bir ajaýyp sazlaşýar.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň, baş Baýdak meýdançasynyň,«Bitaraplyk»
seýilgähiniň, welaýat kitaphanasynyň daş-töweregi bu günler has-da gelşigine gelipdir. Täze ýyl yşyklaryndan toý lybasyny geýnen şäher öňkülerinden has owadan we ajaýyp. Şu günler Täze ýylyň yşyklary ýakylandan soň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada gurlan baş arçanyň töwereginiň mähellesi ýeterli. Täze ýyl arçasynyň ýanynda il-ýurda isleýän gowudan-gowy arzuwlary bilen ildeşlerimiz Täze ýyly garşylaýarlar.
Şäherde bar bolan dynç alyş we söwda merkezleriniň, söwda bazarlarynyň daş-töwereginde şu günlerde guralýan baýramçylyk söwdalary hem Täze ýylyň garşylanylyşyna owadan keşp berýär. Baýramçylyk günlerinde ile hyzmat edýän gulluklaryň: ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda, saglygy goraýyş we beýleki zerur bolan gulluklaryň işgärleriniň Täze ýyly iş orunlarynda garşylamaklary bolsa adamlar üçin uly amatlylyklaryň hem döredilýändigini ýatladýar.
Şäherdäki ruhubelent görnüşler ýene bir ýakymly ýagdaýy suratlandyrýar:
tamamlanyp barýan ýyl bilen gadyrly hoşlaşyp, Täze — 2025-nji ýyly
ruhubelent garşylaýan türkmenabatlylar öz söýgüli Watanyny asylly işleri bilen gülledip ösdürmek hyjuwlaryna beslenýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: