Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde sergi guraldy
Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde türkmen gelin-gyzlarynyň edýän el işlerini wasp edýän çykyşlara baý bolan dabaralar geçirildi.
Çykyşlarda milli sungat eserleriniň özboluşly aýratynlyklary, gymmaty we ýaşlara zähmet terbiýesini bermekde el işleriniň ähmiýeti giňden wagyz edildi. Saýat etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň «Tumar joşguny» folklor toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnanan gelin-gyzlara ruhy lezzet paýlady. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda bolsa welaýatyň etrap-şäherleriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak agzalarynyň işleri bilen bezelen sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu günki çäreler «Gyzyl kürte» atly çeper filmiň görkezilişi bilen jemlendi.