SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň türgenleri we «Zehin ýoly okuw merkeziniň diňleýjileri gatnaşdylar.

Ýaryşlara jemi 24 türgen we okuw merkeziniň diňleýjileri gatnaşdylar. Duşuşyklarda ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mekdebiň tälimçisi Adylbek Jumanowyň aýtmagyna görä, sport bilen ýörite meşgullanýanlaryň we onuň bilen höwesjeň meşgullanýanlaryň arasyndaky tennis stolunyň başyndaky şeýle duşuşyklaryň uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Birinjiden, oglanlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklary berkeýär, ikinjiden, bu sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň netijeli guralydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: