Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä sport mekdebiniň tälimçileri we türgenleri gatnaşdylar.
Duşuşykda jemgyýetçilik guramasynyň hem-de ýol hereketi gullugynyň wekilleri dowam edýän biraýlygyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleriniň olaryň saglygyny we ömrüni goramakdaky ähmiýetini düşündirdiler. Şonda anyk mysallara ýüzlenmek bilen, kadalaryň äsgermezçilik edilen ýagdaýlarynda ýüze çykýan hadysalar barada hem durup geçdiler. Türgenlere ýollary kesip geçenlerinde, telefonlardan, gajetlerden, gulaklyklardan we beýleki ünsi sowýan zatlardan peýdalanmaly däldiklerini ýatlatdylar. Şeýle hem, olaryň ünsüni ynsan salygyny goramak bilen baglanyşykly beýleki meselelere hem çekdiler.