Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň açylanyna 10 ýyl boldy

      

Soňky ýyllarda  medeniýet ulgamynyň işi barha kämilleşýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda dünýä derejeli ajaýyp medeni ojaklary — teatrlar, muzeýler, medeniýet köşkleri, kitaphanalar, medeni dynç alyş seýilgähleri guruldy. Şäherlerde, etrap merkezlerinde, obalarda hem medeniýet öýleri, sungat mekdepleri, kitaphanalar we beýleki desgalar guruldy. Ýurdumyzyň etraplarynda, obalarynda kitaphanalaryň ýüzden gowragy açyldy, ozal hereket edýän çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň üsti täze gurlanlaryň hasabyna artdyryldy.  Welaýatymyzyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebi hem 2010-njy ýylda açyldy. Zehinli oglanjyklary we gyzjagazlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz ugrundan ukyplaryny ýüze çykarmakda hem kämilleşdirmekde bu mekdebiň orny örän uludyr. Aýdym-saz sungatynyň bilim ojagy hasap edilýän mekdepde sungatyň inçe ýollaryny öwrenýän okuwçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu ýerde 70-den gowrak mugallym sungatyň dürli ugurlary boýunça okuwçylara bilim berýär. Sungat mekdebinde türkmen milli we halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary boýunça bilim berilýär.

Batyr Romanow on ýyldan bäri çagalar sungat mekdebiniň direktory wezipesinde işläp gelýär we ol özüni köpçülik bilen işlemegi başarýan, talapkär, tejribeli ýolbaşçy hökmünde görkezdi. Geçen döwürde mekdep ýolbaşçysy guramaçylyk ukybynyň ýokarydygyny, mugallymlar köpçüligi bilen agzybir işli ýola goýmagy, olaryň tagallalaryny bir maksada gönükdirmegi başarýandygyny subut etdi. Mekdebimiziň mugallymlary okuw-terbiýeçilik işiniň ýokary derejede bolmagy üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Olaryň arasynda öz işine ussat, döredijilikde uly üstünlik gazanýanlary sanardan kän. Çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlary welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Her ýyl welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde  «Türkmen milli we halk saz gurallary» orkestri mugallym Daýanç Rejepowyň, skripkaçylar topary mugallym Ýulduz Rahmedowanyň, çagalar hor topary mugallym Maýagözel  Sapargulyýewanyň ýolbaşçylygynda mynasyp orunlara eýe bolup gelýärler. Ýurdumyzda geçirilýän mekdepden daşary we döwlet derejesindäki dürli bäsleşiklere, medeni-köpçülikleýin çärelere okuwçylarymyzyň gatnaşdyrylmagy olary watançylyk ruhunda, giň dünýägaraýyşly, syýasy düşünjeli, arassa ahlakly, ruhubelent nesiller edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Mekdebimizde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşan ussat halypalar, olaryň nusgalyk ýol-ýörelgeleri ýaş hünärmenlere görelde bolup durýar. Okuwçylary ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklaryň mysalynda terbiýelemekde halypa mugallymlaryň berýän öwüt-ündewleriniň ähmiýeti bimöçberdir. Olaryň durmuş tejribesi bolsa ýaş mugallymlar üçin uly bir mekdep bolup durýar. Mekdepde okuwlar okuw meýilnamasy boýunça alnyp barylýar. Soňky ýyllaryň dowamynda mekdebiň mugallymlary tarapyndan iş tejribelerine esaslanylyp okuw maksatnamalary, okuw gollanmalary taýýarlanyldy.     

 

Maral Rustamowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: