BIZE YAZYARLAR

Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde açyk sapagy geçirildi.

Lebap welaýatynyň 2-nji çagalar sungat mekdebinde “Saz nazaryýeti ”  bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Raimowa  Firuza Bahtiýarowna  “Türkmen milli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň I-ýyl okuwçylary bilen bilelikde “Solfejio”dersi boýunça açyk sapagyny geçirdi.

Açyk sapagyň başynda mugallym okuwçylaryň gatnaşygyny barlady. “Motiw, jümle, period barada düşünje” atly geçilen tema boýunça okuwçylara prezentasiýa görkezdi. Soňra öýe berlen ýumuşy  okuwçylaryň aňynda galar ýaly “Sandyjak ” atly oýnunyň üsti bilen barlady. Okuwçylar geçilen tema degişli gönükmeleri aýtdylar. Gönükmäni aýdyp başlamazdan ozal okuwçylar mugallymyň öwredişi ýaly, aýdyljak gönükmäniň tonallygyny, ölçegini şeýle hem ritm aýratynlyklaryny kesgitlediler.

Açyk sapagyň dowamynda mugallym okuwçylara krossword ýagny, tapmaça oýnuny işletdi. Bu krosswordda 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şeýle-de akyldar şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly sözlerini, solfejio dersine degişli bolan sözleri bilen ýerlikli ulanypdyr.

Bu açyk sapaga  mekdebiň direktory Hakkyýew S.Ö; direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary Rozybaýewa S.N; “Saz nazaryýeti” bölüminiň müdiri Rustamowa M.T; mugallymlary Sultanow Z.J; Mammedowa D.M; Abdullaýewa  G.H; “Fortepiano”bölüminiň müdiri Esenowa S.H. “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymlary Hudaýberdiýewa A; Haýdarowa J; şeýle hem ýaş hünärmen mugallymlary Rozyýewa M.Ý; Durdymyradowa G.D; dagylar hem gatnaşdylar. Açyk sapagyna gatnaşan mugallymlar ýaş hünärmen mugallymyň okuw-görkezme esbaplary bilen giňişleýin  tanyşyp, sapakdaky ulanylan usullar barada öz aralarynda giňişleýin maslahatlaşdylar. Açyk sapaga gatnaşan mugallymlar ýaş hünärmen mugallyma peýdaly maslahatlary berip,ýaş hünärmen mugallym Raimowa  Firuza Bahtiýarowna mundan beýläk hem işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Mugallym sapagy okuwçylaryň aňynda galmagy üçin ýardam berer ýaly juda sada we many- mazmun taýdan ýönekeý  dilde düşündirmegi  başardy. Açyk sapagyň jemleýji böleginde ýaş hünärmen mugallym okuwçylar bilen geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşdy we temany berkitdi.  “Durnukly we durnuksyz basgançaklar” atly täze temany okuwçylara giňişleýin prezentasiýa arkaly düşündirip, öýe ýumuş tabşyrdy we sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary bahalandyrdy.  Bu geçilen açyk sapagyň esasy maksady okuwçylaryň solfejio sapagyna bolan zehinini has hem kämilleşdirip, eşidiş derňewini, ritm şeýle hem lad tonal duýgusyny ösdürmek we “Solfejio ” dersine höwes döretmekdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döretmegi, özleriniň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin

Lebap welaýat Türkmenat şäheriniň  2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Saz nazaryýeti” bölüm ýaş hünärmen mugallymy

Raimowa Firuza Bahtiýarowna

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: