TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat şäherinde ýangyna garşy göreş gullugynyň täze edara binasy açyldy

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýangyna garşy göreş gullugynyň täze edara binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ol şäheriň Alty Garlyýew adyndaky köçesiniň urgunda ýerleşýär.
Binanyň iş otaglary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olar ýangyna garşy göreş toparlary bilen uzak aralykdan gatnaşygy ozalkylaryndan has çalt alyp barmaga mümkinçilik bererler. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň käbiri welaýatda ilkinji gezek synagdan geçiriler.
Täze binada gullugyň işgärleri üçin hem ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde ýangyna garşy göreşiň muzeýi hem açyldy. Onda gullugyň gündogar sebitdäki taryhy bilen bagly möhüm gymmatlyklar bar.


Täze binada ýangyna garşy göreş ulaglarynyň birnäçesini saklamak üçin garažlar hem göz öňünde tutulypdyr. Olarda ulaglara talaplara laýyk ideg etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply