Türkmenabat şäherinde Täze ýyl yşyklary ýakyldy
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy. Şu mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylan arçanyň öňünde Aýazbaba, Garpamyk we çagalar ýygnandylar.
Çagalaryň we ulularyň sabyrsyzlyk bilen garaşan bu pursaty uly şatlyga beslendi. Köýtendagdan gelen Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de onuň daşyndaky çagalar awtobusda we paýtunda Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Olar welaýat kitaphanasynda, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynda, Baýdak meýdançasynyň ýerleýän seýilgähinde, Amul galasynda we beýleki ýerlerde boldular. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatryna gelenlerinde, bu ýerde artistleriň täze ýyla ýörite programma taýýarlap ýören pursadyna gabat geldiler.
Gezelençlerden soň olar Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylan Täze ýyl arçasynyň öňüne geldiler. Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen onuň yşyklary ýakyldy. Bu waka mynasybetli Aýazbaba, Garpamyk we çagalar Täze ýyl aýdymlaryny ýerine ýetirdiler, arçanyň daşyndan aýlandylar.
Gyş paslynyň howa ýagdaýynyň üýtgäp durýandygy sebäpli dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýokuşmagynyň öňüni almak maksady bilen çäreler howpsuz aralygy saklamak düzgünlerini berjaý etmek bilen geçirildi.