Türkmenabat şäherinde täze awtomenzil açyldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde köne aeroportyň ýerinde gurlan awtomenzil dabaraly ýagdaýda täze awtomenzil açyldy. Onuň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly ak pata berdi. Binany «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurdylar.
Beýikligi on ýedi metre, ini we uzynlygy altmyş bäş metre barabar bolan iki gatly jaýda ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmek we işlemek üçin ähli şertler döredilipdir. Garaşylýan zalda awtobusyň ugraýan wagty bolýança, ýolagçylaryň oňaýly dynç almagyny guramak üçin häzirki zaman mebelleri goýlupdyr.
Habar beriş tablosy, sorag-jogap bölümi, aragatnaşyk bölümi, el goşlaryny saklaýan kamera, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy, söwda nokatlary, çagaly eneler üçin otag we beýlekiler ýola rowana bolan ýolagçylaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki kassalardan islendik ulaga petekleri satyn almak bolýar. Gulluk jaýlarynda awtomenziliň işgärleriniň işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir.
Bu ýerde ýigrimi seiz ulag üçin niýetlenen üsti ýapyk we ýüz maşyn üçin niýetlenen üsti açyk duralga bar. Transformator bekedi, suw gyzdyryjy desga, ýangyn howpsuzlygynyň we ekinleri suwaryş howuzlary awtomenziliň işini bökdençsiz alyp barmagyna gönükdirilendir. Awtoulaglaryň ýuwulýan ýeri hem bar. Awtomenziliň daş-töweregi abadanlaşdyrlypdyr.