JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde polisiýa işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy tabşyryldy

Türkmenabat şäheriniň 6-njy gurluşyk serişdeleri zawodynyň 4-nji kwartalynda Lebap welaýatynyň  polisiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.

Netijede hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň 32-si täze jaýlara göçüp bardylar. Iki gatly jaýlar kottej tipli bolup, olaryň hersi 6 otaglydyr. Her kottejiň peýdaly meýdany 263 inedördül metre barabar bolup, onda maşgalalaryň ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilendir. Her jaýyň 6 sotok mellek ýeri bolup, onda jaýyň eýeleri miweli we saýaly agaçlary, gök we bakja ekinlerini ýetişdirip bilerler.

Jaýlar bank tarapyndan berilýän uzak möhletleýin ýeňillikli karzlaryň hasabyna guruldy.

Bu hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň nobatdakysydyr. Mundan öň birnäçe ýylyň dowamynda ozal olar üçin dört gatly köp öýli jaýlaryň ona ýakyny gurlup, ulanylmaga berilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: