Türkmenabat şäherinde moda görkezildi
Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Toýlaryň bezegi — milli türkmen lybasym» atly moda görkeziliş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, işewür zenanlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Onda toýlara aýratyn öwüşgin berýän gadymy we döwrebap milli toý eşikleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Dabarada, esasan hem, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy, çeper elli işewür zenan Maral Hemraýewanyň owadan kürteleri oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çünki türkmen zenanynyň elinden dörän bu gözellik bütin dünýäde haýran galdyryjylykly sungata öwrülendir.
Dabaranyň dowamynda kümüş saçly eneler bilen ýaşlar el hünärleri dogrusynda özara pikir alyşdylar.