JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde maşgala terapiýasyna bagyşlanan trening geçirildi

Türkmenabat şäherinde  «Psihoaktiw maddalary ulanmagyň netijesine bozulmalardan ejir çekýän, şol sanda jenaýat kazyýeti ulgamynda hasapda durýan ýaş adamlar üçin maşgala terapiýasynyň elementleri» atly milli trening geçirildi. Oňa bilim ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Treninge gatnaşanlar sekiz günüň dowamynda maşgalada ýüze çykýan meseleleri, olary çözmegiň usullaryny öwrendiler, çagalaryň we ene-atalaryň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Stress, çagalara olardan çykmaga kömek etmek barada durup geçdiler. Maşgala terapiýasyny, onuň teoretiki esaslaryny we strategiýsyny hem-de şunuň bilen baglanyşykly beýleki meseleleri öwrendiler. Alan bilimlerini okuw tejribesinde berkitdiler.

Trening Türkmenistanyň hökümeti, Birleşen Milletler Guramasy, onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň bilelikdäki gaznasy bilen bilelikde kabul edilen Maksatnama laýyklykda geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: