JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Şu gün, däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän güni, Türkmenabat şäherinde klassyk şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary — kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri ir bilen Magtymguly seýilgähinde ýygnandylar. Ýadygärligiň öňünde ter gülli sebetleri, desselerini goýmak bilen, olar şahyryň döredijiligine bolan hormaty beýan etdiler.

Bu ýerde türkmen klassyk şahyrlarynyň ýedisiniň ýadygärligi oturdylan we çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň ýygnanýan ýerine öwrüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: