YKDYSADYÝET

Türkmenabat şäherinde kompýuter öndürilip başlanar

Tizden Türkmenabat şäherinde hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň şahamçasy kompýuterleriň önümçiligini ýola goýar.

Türkmenistanda kompýuter tehnologiýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.» we «Tongfang Hongkong limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen 2018-nji ýylda bilelikde «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy döredildi. Şondan bäri «Agzybirlik tilsimatynda» 200 müňden gowrak personal kompýuter öndürildi. Önümleriň bahasy daşary ýurtlardan getirilýänlerinden 20 göterim arzandyr. Kärhananyň Türkmenabat şäherinde döretjek şahamçasynda hem kompýuterleriň täze tapgyry köpçülikleýin öndüriler. Şonuň ýaly-da, bu ýerde planşetler, serwer enjamlary we monobloklary öndürmek hem meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: