MEDENIÝET

Türkmenabat şäherinde kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň 80-ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Ol onuň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýar. Konsertiň birinji bölüminde Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor Batyr Soltanow hem-de ýaş kompozitor Begmyrat Hudaýberdiýewiň (B.Hudaýnazarowyň kompozisiýa synpy boýunça uçurymy) çykyşlary diňleniler. Ussadyň ömri we döredijiligi barada gyzykly hem täsirli tanyşdyrylyşy “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy, sazşynas Aziza Seýitkulyýewa tarapyndan hödürlener.
Soňra B.Hudaýnazarowyň kamera-instrumental hem-de wokal eserleri ýerine ýetiriler. Olaryň hatarynda giňden meşhur we halk tarapyndan söýülýän “Derýa”, “Älemgoşar”, “Gel, obamyň lälesi”, Poema-mukam, Konsertino-gazal, Tokkata (Durdy bagşynyň hatyrasyna) hem-de beýleki eserler bar.
Konsertde sungat mekdebiniň öňdebaryjy mugallymlarynyň terbiýesinde okaýan zehinli talyplar çykyş ederler: Ilşat Ildarow, Jemal Guwandykowa (wokal, mugallymy Mamagül Hutdyýewa), Annageldi Mämmedow (wokal, mugallymy Täzegül Joraýewa), Narkuly Rozyýew (rubab, mugallymy Şukurbaý Jorakulyýew), Bahar Jumaýewa (fortepiano, mugallymy Gülşat Akyýewa), Nurulla Hemraýew (rubab, mugallymy Bahadur Haýdarow). Konsertmeýsterler – Larisa Koşelewa, Dilaram Awanesowa, Lýudmila Tokarýewa, Ajap Ilowa.
Olaryň aýdym-saz çykyşlarynyň öňüsyrasynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary Gözel Baýramowa we Arzuw Setdarkulyýewa tarapyndan taýarlanan ylmy-nazaryýeti nutuklary hödürlener. Bu çykyşlarda kompozitoryň eserleriniň dörediliş taryhy, sahna premýeralary hem-de saz stiliniň aýratynlyklary barada ginişleýin gürrüň berler.

Ýuliýa JUMAÝEWA,
sazşynas, Lebap welaýat
ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.