JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde keşde gaýaýan zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherinde  «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guran çäresine bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Olar öz aralarynda üç şerti ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Onuň «Ýedi ölçäp, bir kes!» şertinde ýaka, tahýa, kürte tikmek we olary keşdelemek üçin zerur bolan iňňäni saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, saljak nagyşlarynyň ýerligini biçmek we bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler. «Syrly dünýäň syryny aç!» atly üçünji şerte laýyklykda saýlap alan keşdeleriniň döreýşini, olaryň näme aňladýandygyny çeper suratlandyrdylar. «Elimden çykan egnime ýarar» şertinde bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň el işleriniň nepisligini çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Aýgül Jumaýewa birinji, Döwletli etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň surat mugallymy Aýgözel Çakanowa ikinji, Saýat etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Jennet Mämmedowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: