Türkmenabat şäherinde iňlis dili festiwaly geçirildi
Şu gün Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Research and know English» atly iňlis dili festiwaly geçirildi. Lebap welaýaty baş bilim müdirligi tarapyndan guralan çärä şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylaryndan döredilen toparlar gatnaşdylar.
Festiwal iki tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyrda toparlar bellenilen wagtda özi barada gürrüň bermekde we prezentäsiýa bilen çykyş etmekde ýaryşdylar. Ikinji tapgyrda berlen sözlerden hekaýa düzüp, ony sahnalaşdyrmak, türkmen edebiýatynda iň gowy görýän bir eserini teswirlemek, iňlis dilinde berlen goşgyny türkmen diline terjime etmek we onuň bilen tanyşdyrmak, terjime eden goşgusyny aýdym edip aýdyp bermek boýunça ýaryşdylar.
Bäsleşigiň jemleri boýunça iň köp ball toplan 41-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 21-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji we 2-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlara mynasyp boldular.
Türkmenabat şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň 12-si hereket edýär.