MEDENIÝET

Türkmenabat şäherinde halkara festiwaly öz işini tamamlady

Şu günüň ikinji ýarymynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Ol Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň maslahatlar zalynda geçirildi.

Üç günläp dowam eden forum diňe bir oňa gatnaşanlar üçin däl, eýsem, şu gysga aralykda dürli milletleriň başarjaň adamlarynyň elleri bilen döredilen ajaýyp eserleri görmäge mümkinçilikleri bolan adamlar üçin ýatdan çykmajak waka boldy.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň we forumyň guramaçylarynyň adyna sungat baýramçylygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Festiwala gatnaşanlaryň ählisine Diplomlar gowşuryldy.

Halkara forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adynda Ýüzlenme kabul etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: