MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenabat şäherinde Gurban baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

 Türkmenabat şäherinde Gurban baýramyna bagyşlanan çäreleriň esasysy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky meýdançada geçirildi. Binanyň öňi sergi ýarmarkasyny ýatladýardy. Bu ýerde halk senetkärçiliginiň milli däpleri, haly we haly önümlerini dokamak üçin nähili taýýarlyk görülişi, milli eşikleri, baş gaplary tikmek üçin matalaryň taýýarlanylyşy we beýleki senetler bilen tanyşyp bolýardy.

Milli saz gurallaryny ýasaýan ussalaryň, kiçijik göwrümli halylary dokaýan gyzlaryň işleýişleri hem uly gyzyklanma döretdi. Bir gyrada gyzlar we gelinler çörek ýapýan, dürli milli çörek önümlerini taýýarlaýan bolsalar, beýleki gyrada aşpezler milli tagamlary taýýarladylar, ak sakgaly ýaşulular bolsa dograma üçin petir dogradylar.

Bu ýerde guralan hiňňildiklerde ýigitler we gyzlar uçdular. Ýetginjek türgenler bolsa özleriniň görkezme çykyşlaryny guradylar. Folklor toparlarynyň çuň millilige ýugrulan çykyşlary meýdança aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Lebap welaýatynyň döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy geçmişe özboluşly syýahat boldy.

Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bolsa bu ýerden uzaklara ýaýrap gitdi. Oglanlaryň we gyzlaryň ýerine ýetiren tanslary aýdymlar we sazlar bilen utgaşyp gitdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: