SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabat şäherinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi  

 Şu gün Türkmenabat şäherinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň edaralarynyň, kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türgenler gatnaşdylar.

Ýörişe Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil köprüsinde badalga berildi. Sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşyndan soň birnäçe müň adamdan durýan welosipedçileriň hatary şähere tarap ugradylar. Tiz wagtdan olar Bitarap Türkmenistan köçesine ýetdiler. Ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň öňünde, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde ýörişe gatnaşyjylary aýdym-saz we tanslar bilen garşy aldylar we ugratdylar. Bu sene mynasybetli türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Welosipedli ýöriş 10 müň orunlyk sport toplumynyň öňünde tamamlandy. Bu ýerde welosipedçileri joşgunly aýdymlar we tanslar bilen garşy aldylar. Şonuň ýaly-da, türgenleriň görkezme çykyşlary hem boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: