JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleri ýatladylar

Şu gün ertir Türkmenabat şäheriniň memorial harby gonamçylygynda näbelli esgere oturdylan ýadygärligiň öňünde wenoklary goýdular. Bu çärä Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, internasional esgerler, şäheriň jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Uruş ýyllarynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherine harby gospital göçürilip getirilipdir we bu ýerde ýaralanan esgerleri bejeripdirler. Lukmanlaryň halas edip bilmedik esgerelerini bolsa uzak bolmadyk ýerde jaýlapdyrlar. Soňra — parahatçylyk ýyllarynda bu ýerde uruş weteranlary hem jaýlanylypdyr. Şeýlelik bilen, memorial harby gonamçylygy emele gelipdir. Esgerleriň mazarlaryna gowy garaşyk edýärler, Ýeňiş gününiň öň ýanynda bolsa her ýyl bu ýerde abadanlaşdyryş işlerini geçirýärler.

Bu ýerde çykyş edenler türkmenistanlylaryň umumy ýeňşe goşan goşandy, senagatyň harby döwrüň talabyna laýyk getirilişi, tylda ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin çekilen zähmet barada gürrüň etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: