JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda ýolagçylar awtobusda mugt gatnadylar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň şäherlerinde tamamlanyp barýan ýylyň soňky güni we Täze ýylyň birinji güni ýolagçylar şäher awtobuslarynda mugt gatnadylar. Bu barada 24-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara tabşyryk beripdi.

Türkmenabat şäherinde 31-nji dekabrda irden sagat 6.00-dan sagat 20.00-a çenli birinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 75-si, 31-nji dekabrda sagat 20.00-dan 1-nji ýanwarda sagat 02.00-a çenli ikinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 45-si ýolagçylara hyzmat eder.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda irden sagat 6.00-dan sagat 20.00-a çenli birinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 50-si, 1-nji ýanwarda sagat 20.00-dan 2-nji ýanwarda sagat 02.00-a çenli ikinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 30-sy ýolagçylara hyzmat eder. Bu barada «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň baş direktory Kurban Saýipowyň «Türkmen gündogary» gazetiniň habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde aýdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: