JEMGYÝET

Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde sport ýaryşlary geçirildi

 Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde sport ýaryşlary guraldy.

 Oňa “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

 Sportuň şaşka, küşt, stoluň üstünde oýalýan tennis, biliňde halka aýlamak ýaly görnüşleri boýunça guralan ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden çagalar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

 Şeýle-de çäräniň dowamynda degişli hünärmenler hereketli oýunlarda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň öňüni almak boýunça gürrüňdeşlik geçdiler.