JEMGYÝET

Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýünde maslahat geçirildi

 Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýünde mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar.  Dabarada edilen çykyşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere bagyşlandy.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ulgamda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri, ynsan saglygy, şeýle-de lukmanlaryň iň döwrebap şertlerde işlemekleri üçin edilýän aladalar dogrusynda durlup geçildi.

 Çärä gatnaşan lukmanlar mukaddes Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp sowgat bilen barýandyklaryny, mundan beýläk-de arman-ýadaman yhlasly zähmet çekjekdiklerini buýsanç bilen bellediler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: