Türkmenabat şäheri özgerýär
«Türkmenabat şäheri gün günden özgerýär» diýen jümläniň aňyrsynda inkär edip bolmajak hakykat ýatyr.
Sebäbi ähli özgertmeler şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň göz öňünde bolup geçýär. Mundan birnäçe ýyl ozal Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen sazly-drama teatryny, onuň ýanynda welaýat kitaphanasyny göz öňüne getirmek hem mümkin däldi. Bu gün şähere görk berip duran bu iki bina iri medeni we bilim ojagyna öwrüldi. «Bitaraplyk» seýilgähi gelim-gidimli ýerleriň biridir. 100 metr belentlige uzap gidýän baýdak diňinde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy bolsa şäherden has uzaklardan hem görünýär we ýolagçylara welaýat merkezine ýakynlaşýandyklaryny habar berýär. «Ruhyýet» köşgi iri maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň ýanyndaky meýdançada bolsa dürli baýramçylyk çäreleri hem geçirilýär. Her ýylyň dekabr aýynda bu ýerde welaýatyň esasy arçasy oturdylýar.
Previous
Next