JEMGYÝET

Türkmenabat şäher salgyt bölümi ýylyň birinji ýarymy üçin salgytlary tölemegiň ahyrky möhletlerini ýatlatdy

Türkmenabat şäher salgyt bölümi welaýat neşirinde çap edilen bildiriş arkaly 2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň jemi boýunça salgyt bölümine salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhletini ýatladýar.

Bildirişde görkezilişi ýaly, salgyt salmagyň umumy ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler goşulan baha salgyt boýunça 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndan, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgyt boýunça 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndan; salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler umumy girdejiden tölenýän girdeji salgydy boýunça 2024-nji ýylyň 15-nji awgustyndan gijä galmaly däldir.

Bölüm hepdäniň ähli günlerinde sagat 09:00-dan 18:00-a çenli salgyt beýannamalaryny kabul edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: